Lazer arkaly basma – bu, lazer oýma usuly bilen şekil ýerleşdirmekdir. Lazer şöhlesi hiç hili çuňlaşdyrma yzlaryny goýman we gabarçakly şekili döretmän materialyň reňkini bellenen nusga görä üýtgedýär. Bu görnüş esasan gaty materiallar üçin laýyk gelýär: metal, aýna. Ýumşak materiallarda lazer şöhlesiniň kömegi bilen önümiň materialynyň ýokarky gatlagyny aýrymak arkaly ýerleşdirilýär: plastik, agaç, deri.
UV- ýa-da UF- usuly— ultramelewşe usuly arkaly ýazgy ýa-da şekil ýerleşdirmek. Bu ultramelewşe şöhleleriniň täsiri astynda UV görnüşli gataýan (fotopolimerleşýän) syýa ulanyp akymly basma usuly arkaly materialyň ýüzünde ýuka gatly ýazgy ýa-da şekil ýerleşdirilýär.
Ýüpek usuly arkaly basma – bu trafaret görnüşi arkaly tekstleri, ýazgylary, monohrom we reňkli suratlary ýerleşdirmek üçin niýetlenen usuldyr. Bu tehnologiýa matalara, keramika, plastik we deri önümlerine suratlary ýerleşdirmäge mümkinçilik berýär.
Tampobasma — bu gönümel bolmadyk çuňňur basma usuly. Surat nagyş usuly arkaly ýazgylar we suratlar tekiz klişeniň ýüzüne ýerleşdirilýär, basma bölekleriniň onuň ýüzünde çuňluklar görnüşinde şekillendirlýär. Soňra bolsa, klişeniň ýüzi boýaglanýar. Artykmaç boýagy rakel pyçagy bilen aýyrlýar. Soňra bolsa ýumşak silikon tampony klişeniň üstüne goýulyp, ondan boýag alynýar we ony çap ediljek üste geçirilýär.
Ekosolwent basma usuly – ýörite syýa ulanyp, dürli görnüşli üstlere şekilleri ýerleşdirmek usuly. Bu usul daşky mahabaty, afişalary, ündewsuratlary, çekmesuratlary we beýleki surat eserlerini bezemek we ünsi çekmek üçin laýýk geler.
Sublimasiýa basma usuly – bu dürli zatlaryň ýüzünde şekil döretmegiň usulydyr. Onuň dowamynda surat takmynan 1900C gyzgynlyk derejesinde basyş astynda sublimasiýa (termiki geçiriş) kagyzyndan bu tehnologiýa bilen gabat gelýän ýere (mata, plastik we ş.m.) geçirilýär. Sublimasiýa üçin ýörite syýa we kagyz ulanylýar (printer asyl suraty çap edýär).
Fleksografiki basma usuly (ýa-da fleksografiýa) – ýörite fleks -plýonkasy bilen logotipi ýa-da beýleki mahabat şekilini ulanmak arkaly basma usulydyr. Bu usul dokma önümleri üçin amatly: futbolkalar, galyň egin eşikler, öňlükler. Fleks lentasy ýönekeý önümleri töweregindäki adamlaryň ünsüni özüne çekýän özboluşly geýime öwürýär.
Dokma önümlerde DTF basma usuly (iňlisçe Direct To Film — «göni plýonkaň ýüzüne») — dokma we dokma önümlerinde sanly ulgam arkaly basma tehnologiýasy, aralyk surat göteriji hökmünde ýörite örtükli PET plýonkasyny ulanmak arkaly ýerine ýetirilýär. DTF basma tehnologiýasy termiki geçiriş tehnologiýalaryna (termiki geçiriş) degişlidir.
Saýlaw 3D-laklama – çap edilen önümleri bezemegiň häzirki zaman we iň ýaýran usullaryndan biri. Bu çap etmek usulynda saýlama lak ulanynlýar. Onuň kömegi bilen adatça kompaniýanyň nyşanyny, ýazgylaryny we bezegiň (dizaýnyň) aýratyn elementlerini ýerleşdirmek üçin ulanylýar. Lagyň aýratynlyklary önümlerde özbolyşly ýakymly görnüşleri emele getirýär.
Gyzgynlyk arkaly basma usuly - çap etmek prosesi, agaç, deri, kagyz, karton we ş.m. işleme usuly. Beýleki atlary: "ot arkaly çap etmek", gyzgyn çap etmek ýa-da pirotipiýa. Belli bir temperaturada gyzdyrylan demir şekilçe ulanylyp, materialyň ýüzüne isleg bildirilen şekil (logo, ýazgy, tehniki bellik we ş.m.) ýerleşdirilýär. Basyş we gyzgynlyk derejesi materialyň ýüzünde güberçekli we kontrastly şekilini emele getirýär.