+993 (12) 906518 +993 63 458228 +993 63 461661 +993 63 402332 Instagram Facebook
Duş-Anna 9:00-dan 18:00 çenli
Menýu
Рус Tür Eng
Maglumatlar (0)
ул. Героглы (2009), 122.
ТЦ "Ашхабад Ялкымы", 4 этаж
Туркменистан, г. Ашхабад
Kategoriýalar
  • Bezeg we sowgatlyk önümler
  • VIP harytlar
  • Poligrafiýa önümleri
  • Dokma önümleri
  • Daşky mahabat
  • Gutarnykly dizaýn
  • Акции и Скидки
Портфолио Biz barada Basma usullary: Maketlara bildirilýän talaplar Kompaniýanyň täzelikleri Company news Müşderi synlary

Maketlara bildirilýän talaplar

Maketlara bildirilýän talaplar

Çap etmek üçin aşakda görkezilen bildirilýän talaplara laýyk gelýän maketlar kabul edilýär.

Pdf (faýlda ICC profilleri girizilmedik bolmaly. Ähli şriftler egri görnüşde. Reňk modeli - CMYK).

Tiff we Psd – CMYK, 300 dpi, ähli gatlaklar tekizlenýär, ähli alfa kanallary aýrylýar.

Indd we Ai görnüşleri CS5 täze bolmaly däl – ähli şriftler egri, kesilme üçin çykyşlar her ugurdan azyndan 4 mm bolmaly; skrepka bilen berkitmek üçin sahypalaryň sany dörde bölünmeli; pružina arkaly berkitmek üçin – kesiş çyzygyndan möhüm zatlara çenli aralyk azyndan 20 mm bolmaly. Indd faýly diňe ähli suratlar we şriftler bilen bir toplum görnüşinde kabul edilýär.

Eps – PostScript Level 2, ähli şriftler egri.

Cdr –Х5 täze bolmadyk görnüşlerinden, ähli şriftler egri, kesilme üçin çykyşlar her tarapa azyndan 4 mm.

Ofis we ýöriteleşdirilen programmalar (AutoCad) arkaly taýýarlanan maketlar diňe Pdf-e geçirilenden soňra we müşderiniň şahsy goly bilen çap edilmäge kabul edilýär.

Bellenilen talaplara laýyk gelmeýän beýleki faýllaryň ählisi dizaýner bilen ylalaşyk esasynda kabul edilýär.

Müşderiniň şahsy poçtasyndan maketlary ýükläp almak – diňe dizaýner bilen ylalaşylanyndan soňra amala aşyrylýar.

Maketi tassyklamak

Müşderi tarapyndan getirilen ýa-da iberilen maket tassyklanan hasaplanýar. Maketa düzedişler we/ýa-da üýtgeşmeler sargydyň hasabyna girizilýär.

Makete girizilýän ähli üýtgeşmeler buýrujynyň şahsy goly bilen tassyklanýar ýa-da e-poçta arkaly sales2@dem-tm.com salgy boýunça iberilýär. Makedi dilden ylalaşmak bolmaýar.

Telefon belgileri, seneleri, salgylary, web saýtlary we elektron poçtasyny barlamak zerur. Gol çekilenden soňra, maket tassyklandy diýip hasaplanýar. Grammatiki ýalňyşlyklar, habarlaşmak üçin maglumatlar baradaky şikaýatlar kabul edilmeýär.

 

 

Köp sahypaly maketlar

Köp sahypaly maketlar çap etmek üçin diňe pdf görnüşinde kabul edilýär, faýldaky sahypalar taýýar önümdäki ýaly yzygiderlilikde bolmaly.

Önümiň taýýar görnüşinde boş sahypalar bolmaly bolsa, olar maketda hem bolmaly.
Pdf faýlyndaky sahypanyň ölçegleri kesiş görnüşi bilen deň bolmaly, üstki (4 mm) sahypa çäkleriniň daşynda bolmaly.

Içinden kesilen gyranyň ululygy möhüm elementlere we tekste çenli azyndan 5 mm bolmaly.

Kesilende rugsat berlen kadadan çykma 2 mm bolmaly.

Taýýar maketdan çap edilende grammatiki we beýleki ýalňyşlyklar üçin jogapkärçilik buýrujynyň üstüne ýüklenilýär.

 

Kagyzyň dykyzlygy

 

Sanly usulda çap etmek üçin kagyz dykyzlygy 80 g / m2-den 300 g / m2 aralygynda bolýar.

Uly formatda çap etmek üçin materialyň dykyzlygy 80 g / m2 (“inženerka”), 170 g / m2, ýalpyldysyz, ýalpyldawuk, öz-özi ýelmeşýän kagyz bolýar.

 

Plotter kesmede maketlara bildirilýän talaplar

Şekilli kesiş üçin ähli konturlar wektor görnüşinde bolmaly.

Ähli şriftleri egrilere öwürmeli.

Suratlaryň ölçegi –1:1 bolmaly.

Ähli çyzyklaryň uçlary birleşdirilen bolmaly, maketda kesişýän çyzyklar bolmaly däl.

Maketdaky nyşanlaryň iň pes beýikligi/ini 5mm bolmaly.

Kesilen konturdan şekiliň ýa-da maglumatlaryň gyrasyna çenli iň az aralyk 2 mm bolmaly.

Çap etmek we kesmek üçin faýllardaky ähli zatlar bir gatlakda ýerleşdirilýär.

 

Goşmaça soraglaryňyz barmy?

Soragyňyzy dempromotiontm@gmail.com e-poçta arkaly menedžerimize iberiň. Hünärmenmiz mümkin boldugyça gysga wagtda Siz bilen habarlaşar we ähli soraglaryňyz boýunça size maslahat berer.

 

Sahypalar

Nädip sargyt etmeli? Maketlara bildirilýän talaplar Töleg şertleri Dizaýny işläp taýýarlamak üçin sargyt bermek Eltip bermek hyzmaty

Maglumat

Biz barada Basma usullary: Maketlara bildirilýän talaplar Kompaniýanyň täzelikleri Company news

Gyzykly

Basma usullary: Maketlara bildirilýän talaplar Nädip sargyt etmeli? Töleg şertleri

Контакты

+993 (12) 906518 +993 63 458228 +993 63 461661 +993 63 402332
sales2@dem-tm.com

Соцсети

Instagram Facebook
Рус Tür Eng

Akaunt

Gir Registrasiýa
© 2025, Dempromotion
×
Рус Tür Eng
Портфолио Müşderi synlary Kategoriýalar Biz barada Basma usullary: Maketlara bildirilýän talaplar Kompaniýanyň täzelikleri Company news
+993 (12) 906518 +993 63 458228 +993 63 461661 +993 63 402332 Instagram Facebook